Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Ählumumy abançylygyň bähbidine ençeme möhüm ugurlaryň ara alnyp maslahatlaşyljak bu foruma taýýarlyk işleri häzirki wagtda ýokary depginde alnyp barylýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda” Karara gol çekmegi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, bu möhüm çärä görülýän taýýarlyk işleri bilen jikme-jik tanyşmagy, oňa taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahaty geçirmegi hem şaýatlyk edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diýleninde, diňe bir adamlaryň dynç almak, saglygyny berkitmek üçin gelýän şypaly zolagy däl-de, eýsem hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlamaga taýýarlyk görýän Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň işjeň gatnaşmagynda guralýan we geçirilýän halkara çäreleriniň, maslahatlarynyň mekany göz öňüňde janlanýar. Häzirki wagtda bu ýerde şeýle çäreleriň geçirilýän wagtynda raýatlarymyzyň we myhmanlarymyzyň medeniýetli dynç almaklary, tebigy we ynsan eliniň halaty bilen döredilen gözelliklerden lezzet almagy üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Awazanyň daş-töweregini gurşap alan çäklerde döredilýän täsinlikler hem gözüňi uzak wagtlap özünde egleýär. Bu ýerde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny gurmagyň barşynda emele getirilen emeli ada şu günki gün täsin ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşly utgaşmasy bilen ünsüňi özüne çekýär. Adatça, şular ýaly uly gurluşyklar wagtynda deňziň ýalpak ýerlerini çuňaltmak we göneltmek üçin onuň suwasty böleklerinden çykarylýan gumlar ulanylman galdyrylýar. Bu ýagdaý öz gezeginde deňziň suwasty florasyny we faunasyny, ýagny ösümlik we haýwanat dünýäsini belli bir derejede ýoga çykarýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda eýe bolunýan şu hili ösüşler Gahryman Arkadagymyzy tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ösdürilýän Ekologiýa diplomatiýasynyň buýsandyryjy üstünlikleriniň bir mysalydyr. Biz halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy güldürip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik we berk jan saglyk arzuw edýäris.

    Şirin WELLANOWA
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iýmit Gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy

    Başga makalalar
    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy - halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

  • 28.07.2025
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy - halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir