Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy işler durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklary yzygiderli ösdürilýär. Garaşsyz ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni şanly wakalara,toý baýramlara beslenýär. Munuň özi halkymyzyň agzybirliginden, jebisliginden nyşandyr. Bu wakalar Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk dabarasyny has-da artdyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýar, dünýäniň ýurtlary bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III maslahatynyň geçirilmegi hem aýdylanlaryň aýdyň beýanydyr. Parlamentler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda, tranzit ýurtlarynda we hyzmatdaş ýurtlarda syýasaty taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde netijeliligi, açyklygy we jogapkärçiligi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýärler. Olar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze iş meýilnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin, şol sanda söwda dolanyşygyny ýönekeýleşdirmek, ykdysady ösüşi we sebit hyzmatdaşlygyny üpjün etmek üçin kanunçylyk binýadyny döretmekde jogapkärdirler. Raýat jemgyýetiniň orny deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin örän möhümdir. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlar forumy ýaşlara dünýä liderlerine öz garaýyşlaryny ýetirmek üçin mümkinçilik berer. Bu bolsa geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmek, ykdysady ösüşi höweslendirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin täze strategiýalary işläp düzmäge kömek eder. Maslahatyň çäginde geçiriljek çärelerine 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, olaryň hökümetleriniň, şeýle hem BMG agza döwletleriň wekilleriniň, Guramanyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, halkara we sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşarlar. Maslahatyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi we Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy netijeli çözgütleri tapmak hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin meýdança öwrülmegi üçin gönükdirilendir. Onuň maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlara kynçylyklaryny ýeňip geçmäge hem-de öz mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge ýardam etmek, şeýlelikde, adalatly we bagtly geljegi üpjün etmekden ybaratdyr. Halkymyzyň eşretli şu güni we şuglaly ertiri hakda bimöçber aladalaryň edilýan döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny ýol ýörelge edinip, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşmak islegi her bir raýatyň kalbyny gurşap alýar. Goý, ýurdumyzyň ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Nurtäç DÖWLETOWA Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy