Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Bütin dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistan yklym we dünýä ähmiýetli çäreleri geçirmegiň uly tejribesine eýedir. Oňa mysal edip, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde BMG- niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň, 2022-nji ýylyň awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň üstünlikli geçirilendigini bellemek bolar. Bu günki gün Hazaryň ýakasynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş toplumy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki wagtda halkara derejesindäki maslahatlary we forumlary geçirmek üçin doly infrastruktura bilen üpjün edilen türkmen myhmansöýerliginiň merkezidir. Ähli amatlyklar döredilen köp sanly döwrebap myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, seýilgähler, kongres zallary hem-de ekologiýa taýdan arassa infrastruktura bilen üpjün edilen bu zolagyň Hazaryň kenarynda bolmagy forumyň diňe bir syýasy we ykdysady ähmiýetini däl, eýsem, ekologik taýdan arassa bolmagy bilen kesgitlenýär. Ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynda Awazanyň aýratyn orny bellärliklidir. Onuň maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanylmagy hem diňe bir amatlylygy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklara açykdygyny, dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär. Halkara ýük we ýolagçy gatnawlarynyň barha ösýän häzirki döwründe Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň öz müşderilerine hödürleýän hyzmatynyň ähmiýeti barha giň gerime eýe bolýar. Goňşy döwletler, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar bilen ulag we logistika babatda hyzmatdaşlyklary yzygiderli ösdürýän Türkmenistan portuň we içerki hem-de üstaşyr ulag gatnawlarynyň berýän mümkinçiliklerini sebitde ýurtlaryň, halklaryň, döwletleriň parahat, asuda, jebis ösüşleriniň bähbidine gönükdirýär. 4 — 8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatynyň çäklerinde bu ösýän hyzmatdaşlyklaryň geljegi babatda täze ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar we möhüm resminamalara gol çekiler diýip ynam bilen aýtmak bolar.

    Döwlet KERİMOW
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýa kafedrasynyň assistenti

    Başga makalalar
    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy - halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

  • 28.07.2025
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy - halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir