Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy - halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

  • 28.07.2025
  • Hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekmegi bilen, 4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy toý lybasyna beslenýär. Bu ýerde halkara maslahatyň esasy we ugurdaş çäreleri ýaýbaňlanar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirjek halkara forumda garaljak meseleler we kabul ediljek çözgütler oňa gatnaşýan döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol sanda türkmen topragynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly guraljak ugurdaş çäreleri, tematik sergileri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti foruma gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrar. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligine öwrüler. Milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň, filosofiýasynyň barha ilerleýändigini, işjeňleşýändigini ýene bir ýola jümle-jahana ýaýar.

    Söýenç AHMEDOW
    Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy
    Başga makalalar
    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy - halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

  • 28.07.2025
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy - halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir