Agzybirligiň, jebisligiň, dost-doganlygyň ýoly bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bu gün dünýäniň millionlarça halkynyň ykbalyna dahylly iri halkara forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär. Awgust aýynyň başynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taýýarlyk işleriniň barşynda gözel Awaza öňkülerinden-de zynatly lybasa beslenýär. Indi 30 ýyla golaý bäri dünýade hemişelik Bitarap döwlet hökmünde parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary, hoşniýetli daşary syýasaty bilen özüni ykrar etdiren ata Watanymyz ählumumy derejeli çäreleriňdir forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän 2025-nji ýylyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle abraýly çäreleriň ýene biri – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň geçirilmegi, Türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan gelýän myhmansöýerliginiň örän beýikdigine şaýatlyk edýär. Bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň dünýäniň möhüm meseleleriniň çözülýän, donlaryň maslahatly biçilýän mekanyna öwrülmeginiň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejesinde öňe süren başlangyçlary, teklipleri, olaryň goldaw tapmagy netijesinde amala aşyrylýan işler dur. Halkara gatnaşyklarynda durnukly ösüşi gazanmak üçin global ulag strategiýasynyň wajyplygy barada Gahryman Arkadagymyz birnäçe ýyl bari Türkmenistanyň sesini dünýä ýaýyp gelýär. Parahatçylyk söýüjilikli taglymatlary bilen dünýäde ykrar edilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli döwletli tutumlary durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gunçagül AGOÝLİÝEWA Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atlaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň mugallymy