Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary

  • 10.10.2022
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 2025-nji ýylda has artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli çözmekde, umumy maýa goýumlarda onuň önümçilik ulgamyna gönükdirilen paýynyň ýokary bolmagyny gazanmakda ylmy esaslarda taýýarlanylýan maksatnamalaryň, aýratyn-da, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Çünki häzirki döwürde daşary ýurtlar bilen söwda dolanyşygynyň giňelmegi döwletleriň girdejileriniň artmagyna hem-de ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam berýän ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäniň ösen we batly gadamlar bilen ösýän döwletlerinde elektron söwdasy ýokary derejelere göterilip, onuň hereketlendiriji täsiri işewürlik gurşawa, şeýle-de ýurtlaryň ilatynyň ýaşaýşynyň ýokary bolmagyna täsir edýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ykdysadyýetde gowy netije gazanmak üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ulanylýar. Ol XXI asyrda jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýän ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Şonuň ýaly-da uly möçberdäki maglumatlary ýygnamaga we jemlemäge, jemgyýeti netijeli dolandyrmaga, global maglumat meýdanynda aragatnaşygy işjeňleşdirmäge mümkinçilikleri açýar, ýurduň bäsleşige ukyplylygynyň derejesine oňyn täsir edýär. Bularyň ählisi jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň özgermegine getirýär, adamlar önümçilikde, dolandyryşda, beýleki ugurlarda döwrüň talaplaryna laýyklykda, özara hil taýdan täze gatnaşyklara girişýärler. Şeýle şertlerde öndüriji güýçler hem has ýokary depginler bilen ösýär. Adamlaryň şeýle täze gatnaşyklarda bolmagy, olaryň dünýägaraýşynyň, ymtylmalarynyň, ideýalarynyň özgermegine-de getirýär. Şunuň bilen bir wagtda, önümçilik gatnaşyklary ahyrky netijede adamlaryň ruhy dünýäsi bilen baglanyşykly beýleki ähli gatnaşyklaryň — syýasy, hukuk, ahlak gatnaşyklaryň häsiýetini kesgitleýär.                                                                  

    Nurberdi ADYLOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby


    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir

    Поделиться ссылкой на выделенный текст

    • Twitter
    • Facebook
    • Вконтакте

    Прямая ссылка:

    Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»