Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti
19.03.2025
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, täze kärhanalary gurup işe girizmek, müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek boýunça belent maksatlary öňümizde goýduk» diýip belleýär. Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr. Olar döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürýän ýokary hilli, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmak arkaly halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem guwandyryjy netijeler gazanýarlar. Durmuşa geçirilýän oýlanyşykly makroykdysady syýasat we oňyn özgertmeler giň gerimli ösüşe ýardam edýär. Olar ähli ulgamda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Ykdysady kuwwat, esasan, önümçilik serişdelerini artdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň hasabyna artýar. Öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmakda, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýeti döretmekde hususy telekeçilige möhüm orun degişlidir. Türkmenistanda häzirki zaman aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagynyň ösüşine, internetiň we sanly hyzmatlaryň elýeterlili bolmagy ýurdumyzyň umumy durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti hökmünde garalýar. Döwletimizde her ýyl geçirilýän telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýasy we ýaýlym enjamlary pudagyna degişli halkara sergiler, maslahatlar bu pudagyň gazananlaryny we ösüş mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, maglumatlary ibermegiň tizligini kämilleşdirmek maksady bilen, Aşgabatda we ähli welaýatlarda süýüm-optik kabel çekildi. Ilatyň barha artýan isleglerini göz öňünde tutup, operatorlar 4G-ni, ýakyn wagtda bolsa 5G-de goşmak bilen, mobil aragatnaşyk, ýokary tizlikli internet we beýleki mobil hyzmatlar bilen Türkmenistany doly üpjün etmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem köp hyzmatly maglumat geçiriş ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyza 5G ulgamynyň işe goýberilmegi diňe bir bu şäherleriň däl ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegi üçin hem möhüm ädimdir. Çünki lukmançylyk ulanylýan enjamlaryň, tehnologiýalaryň has-da kämilleşmegi ilatyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kabul edilýän, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň, sebitleri we tutuş ýurdumyzy ykdysady taýdan pugtalandyrmaga gönükdirilen gysga hem uzak möhletli meýilnamalaryň, köpugurly konsepsiýalaryň bellenen wagtynda amala aşyrylmagy, ýetilen sepgitlere dürs baha bermäge, gazanylan netijeleri takyk kesgitlemäge, düýpli seljermelere, ylma esaslanýan çaklamalara daýanmak bilen, ykdysady ösüş has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatlyklardan netijeli peýdalanmaga çalyşýan ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Halk bähbitli, döwlet, sebit, dünýä ähmiýetli şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mähri DAŇATAROWA Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina we biologiýa fizika kafedrasynyň mugallymy