Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ylym bilim watanymyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşinde esasy binýat bolup durýar. Ol ýolumyzyň baky şamçyragydyr. Şol maksat bilen döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, onuň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksadymyzdyr. Biziň ýaşaýan zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimediýa tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, netijede, bilim ulgamyny täzeçil ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan milli bilim ulgamyna dünýä ölçeglerini ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda bilimi dolandyrmagyň täze maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle-de ýaşlaryň halkara bilim olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly sanly bilen Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi geçirilýän halkara bäsleşikleriň we mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ders olimpiadalarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýaş nesillerde bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga, dünýä ösüşiniň täzeliklerini özleşdirmäge bolan höwesi döretmek ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 ― 2025-nji ýyllara niýetlenen degişli Döwlet maksatnamasy hereket edýär. Ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 ― 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbaly, ylmyň-bilimiň çalt depginde ösýän, adam paýhasynyň ýokary sepgitleri gazanýan döwründe ýaşaýan we zähmet çekýän häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin ýokary jogapkärçilik duýgusyna ýugrulandyr. Ýolumyzyň şamçyragy bolan ylma-bilime giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mahym KURBANOWA Çärjew etrabynyň 61- nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boyunça orunbasary