Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejesinde bellenilýän Magtymguly Pyragy: Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň, Bendesi men söze hyrydar guluň — diýip, ynsan nesline öwüt-nesihat etmegi maksat edinipdir. Dana Pyragynyň welilik bilen aýdan bu sözi dünýä ýüzüne nur saçýar. Akyldaryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem aýdyň subut edýär. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary dünýä dillerine terjime edilip, halklaryň kalbyna ornaşýar, olaryň ýürekleri paýhas nuruny seçeleýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirdi. Ol umumadamzat edebi hazynasyna mynasyp goşantdyr. Dana şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir şol döwürde ýaşan türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna-da öz täsirini ýetirdi. Alymlar we jemgyýetçilik işgärleri akyldaryň eserleriniň ýüzýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem dünýä halklaryny şygryýetiň ruhy bilen baglanyşdyrýan birleşdiriji güýje eýedigini, olaryň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny wasp edýän sena hökmünde ykrar edilendigini nygtaýarlar. Dana Pyragynyň şygyrlary bütin ömrüňe ýol-ýörelge edilmeli nurly şamçyragly okuw kitaby. Akyldar adamyň ruhy dünýäsiniň bezegi bolan gowy sypatlary öwretmegi, olarda Watana, zähmete, ýaşaýşa, gözellige, dostluga, agzybirlige söýgi döretmegi, adama gelişmeýän ýaramaz häsiýetlere ýigrenç duýgusyny oýarmagy, ynsan mertebesini belent tutup, oňa uly gadyr-gymmat goýmagy özüniň borjy hasaplapdyr hem-de bu ugurda hemişe öwüt-nesihat alyp barmagy maksat edinipdir. Magtymguly Pyragy «Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är gögär» diýen dana sözlerden ugur alyp, adamlaryň biri-birini goldamaklaryny, olaryň özara gatnaşyk etmeklerini, bir-birleriniň sarpasyny saklamaklaryny, agyr güne düşenlerinde bir-birlerine ýakyndan kömek bermeklerini isläpdir: Ýetmiş göreňde, güler ýüz bergil, Goldan gelse, oňa tagam-suz bergil, Gamgyny göreňde, ýagşy söz bergil, Entäni goldara hemaýat ýagşy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz akyldar Pyraga çuňňur hormat-sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň günortasynyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň hormatyna medeni-seýilgäh toplumy gurulýar. Şeýle-de hajy Arkadagymyzyň goldawy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilenine üç ýyl doldy. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly dana Pyragynyň wesýetlerine eýermek bilen, bu gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözleri bilen aýtsak, Türkmenistan bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýar. Daşary ýurtly wekilleriň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine berýän ýokary bahasy döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň halkara derejedäki şeýle abraý-mertebesiniň sakasynda bolsa adam hakynda edilýän aladalar, çagalary goramak babatda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty dur. Döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalara berýän hemmetaraplaýyn kömek-goldawy çaganyň bähbitlerine gönükdirilýär. Ine, dana akyldaryň arzuw eden berkarar döwletinde şeýle ajaýyp işler amala aşyrylýar. Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesini dünýä derejesine çykaran, akyldaryň arzuw eden döwletini ynsanperwerligiň beýik nusgasy esasynda ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Döwlet ÖWLÝAGULYÝEW Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we İnformatika İnstitutynyň talyby