Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda şeýle diýdi: «Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk. Şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçiler. Beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat bilen, şeýle hem halkymyzyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi». Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkyny beýgelden, abraý-mertebesini dünýäde belende göteren nusgawy şahyrdyr. Beýik akyldaryň arzuwlan berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen döwleti gün-günden kuwwatlanyp, dünýäde abraýly ornuny has-da pugtalandyrdy. Bu üstünliklere dana Magtymgulynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watana bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary barada gürrüň etmek islendik adam üçin hem mertebedir, buýsançdyr. Akyldaryň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan setirleri türkmen halkynyň milli ruhy bilen ýaşaýar. Her bir türkmen okyjysy şahyryň şygyrlarynda özüniň bolşuny, gylygyny, häsiýetini görýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmeniň häsiýetnama kitabydyr. Ýöne beýle diýmek akyldaryň çeper mirasynyň ähmiýetini dar galyba salmak däldir. Her bir milli häsiýet umumadamzat ahlagy bilen bitewülikde, berk we aýrylmaz baglanyşykda ösüp kämilleşýär. Magtymguly Pyragy türkmeniň milli şahyrlygynyň çäklerinden çykyp, ählumumy adamzat perzendine, ählumumy adamzat ahlagynyň aýdymçysyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy hemmeler üçin ylham çeşmesi boldy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şahyr öz ynsanperwer garaýyşlary bilen her bir ynsana, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýär. Bu gün Magtymgulynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler örän möhüm ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň watançylyk, mertlik, geçirimlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, rehimdarlyk, myhmansöýerlik häsiýetleri baradaky goşgulary terbiýeçilik mekdebidir. Dana Pyragy Watan, watansöýüjilik baradaky düşünjäni has-da belende göterýär. Akyldaryň çuň many-mazmuna, ynsanperwerlige ýugrulan döredijiliginiň içinden watançylyk duýgulary eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler indi birnäçe wagt bäri halkara derejede giňden dabaralandyrylýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli dana şahyryň goşgularynyň, ol barada ýazylan eserleriň dünýä dillerinde neşir edilmegi beýik akyldaryň edebi mirasynyň halklary jebisleşdirýän dost-doganlyk köprüsidigini aýdyň görkezýär. «Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň mäkämliginiň, taryhy ykballarynyň umumylygynyň, agzybirligimiziň, hemişe bile bolmaga taýýardygymyzyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüler» diýlip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe iberen hatynda aýdylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün akyldar şahyrymyzyň ady dünýä giňişligine seýrana çykdy. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. TÜRKSOÝ guramasy bolsa 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy» diýip yglan etdi. Şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulşeker ORAZGULYÝEWA Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we İnformatika İnstitutynyň talyby