Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Kitap — egsilmeýän ruhy hazyna

  • 09.01.2022
  • Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň mähriban halkymyzyň dostlukly dünýägaraýşyny, mukaddes ýörelgelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde, ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda, olara ýaş nesliň düşünmegini gazanmakda bitiren beýik işleri ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Hormatly Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri çuň mazmuna beslenen birnäçe bölümleri bilen türkmençilik taglymyny, onuň ruhy baýlygyny, ajaýyp ýörelgelerini many-mazmun, durmuş wakalary bilen baýlaşdyryp has-da beýige galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň kitapda çuň mazmun bilen beýan edýän: «Geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamak we ony ertire ýetirmek her bir döwrüň öňündäki gaýragoýulmasyz borçdur. Her döwrüň ruhuna laýyk ýörelgelerini döretmegiň aýratynlyklaryny men şunda görýärin. Umman ýaly ruhy we maddy baýlygyň eýesi bolan il-halkym bagtlydyr. Onuň abadanlygynyň binýadyny gurmakda, goý, bize rowaçlyk ýaran bolsun!» diýen parasatly jümlelerini tolgunman okamak mümkin däl. Bu jümlelerde mähriban halkymyzyň goja taryhyň dowamynda kemala getiren ruhy baýlygyna uly sarpa goýulýar.
    Merdana pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda çeper we ylmy edebiýaty bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna örän uly goşant goşupdyrlar. Gadymy Merwde, Gürgençde, Nusaýda şol döwrüň meşhur kitaphanalary bolupdyr. Orta asyryň meşhur alymlary, şahyrlary we jahankeşdeleri şeýle täsin desgalary dünýäniň hiç bir künjeginde görmändigini öz işlerinde belläpdirler.  Hormatly Arkadagymyz milli ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza, medeni gymmatlyklarymyza örän ýokary sarpa goýýar. Kitaby okap başlanyňda eýýäm, ol seni özüne bendi edýär. Eser sözüň doly manysynda ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy ýagty geljege alyp barýan taglymat. Kitap türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň syýasy taýdan kämilligini doly äşgär edip, belent adamkärçilik, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, halallyk mekdebi bolup hakydaňa dolýar.

    Kerwen ORAZBERDIÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby 
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir