Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatdaky wezipeler häzirki zaman ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar we bu täze garaýyşlar ýaş nesliň okadylyşynyň mazmunyna hem düýpli täsirini ýetirdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugra aýratyn ähmiýet berýär. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar edilýär. Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylýan ykdysady ösüşiň ýokary derejeleri, ýaşaýyş-durmuş, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy bilen il-ýurt ähmiýetli täze gurulýan desgalaryň sany bolsa ýylsaýyn köpelýar. Şunda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny ykdysadyýetde netijeli ulanmak, jemgyýetçiligiň intellektual kuwwatyny artdyrmak babatda alnyp barylýan beýik işleriň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Sanly bilim ulgamy biziň her birimiziň kosmos tizlikli dünýädäki ösüşlere dahylly bolmagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize köpugurly mümkinçilikleri döredýär.
Yslam AÝMYRADOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby