Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary

  • 13.09.2022
  • Zähmet bazarynda täze mümkinçilikleriň we ygtyýarlyklaryň kemala getirilmegi aýrylmaz şert bolup durýar. Bu bilim ulgamynyň tutuş iş usulynyň, çemeleşmeleriniň, ýörelgeleriniň, maksadynyň we mazmunynyň düýpli özgermegine alyp barýar. Netijede, bilim almagyň transmilli usullarynyň gerimi barha giňeýär.
    Ýaýrawy gitdigiçe giňeýän bütindünýä bilim bazarynda ýokary bäsdeşlik gurşawy kemala gelýär. Bu gurşawda öz ornuny ynamly saklaýan we yzygiderli pugtalandyrýan ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy dünýä döwletleriniň başyny tutup gelýän ABŞ, Beýik Britaniýa bilen deň derejede, bilim hyzmatlaryny daşary bazarlara çykarmakda soňky ýyllarda has işjeňleşýän Günorta-Gündogar Aziýa, Ýewropa we beýleki döwletler hem bar. Sanly binýatlaryň ösmegi bilim ulgamynyň häzirki zaman ösüş derejesiniň çylşyrymly sanly gurşawa kybaplaşdyrylmagyny, şonuň ýaly-da, sanly tehnologiýalaryň uzak möhletli geljekde peýdalanylmagynyň käbir edep jähtleriniň jikme-jik işlenilmegini talap edýär. Şahsylaşdyrylan okatmak usulyna geçilmegi bilim ulgamynyň çeýeliginiň artmagyna alyp barýar, berilýän bilimi okadylýanyň mümkinçiliklerine, aň-bilim derejesine, isleg-arzuwyna, öňde bellän maksadyna doly kybaplaşdyrmaga ýardam berýär, şeýle kybaplyga takyk baha bermek ulgamyny kemala getirmäge itergi berýär. Sanly ykdysadyýetde bilim ulgamynyň esasy maksady bilimleriň maglumat giňişligini emele getirmekdir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kömegi bilen bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy guraly bolup, uzak aralykdan bilim almaga mümkinçilik berýän dürli tehnologik platformalaryň döredilmegi çykyş edýär. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmeginde bilim edaralary üçin niýetlenilen uzak aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän bilime degişli materiallaryň ýeke-täk binýadynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär.


    Bahar TÄÇMYRADOWA
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir