Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýag­ty er­tir­le­ri­mi­ziň eýe­le­ri

  • 05.06.2022
  • Bi­lim­li ne­sil – ýag­ty er­tir­le­ri­mi­ziň eýe­le­ri. Ýur­du­my­zyň mil­li bi­lim ul­ga­myn­da göz öňün­de tu­tul­ýan öz­gert­me­le­riň tä­ze tap­gy­ry hem şöh­ra­ty be­len­de gö­te­ri­len türk­men döw­le­ti­niň syn­maz kuw­wa­ty bo­lan ýaş­la­ry­my­zyň ýag­ty er­tir­le­ri üçin­dir. Diý­mek, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty bi­len ut­ga­şyk­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bi­lim öz­gert­me­le­ri Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi­ne we kä­mil­leş­me­gi­ne, ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­niň has-da be­len­de gö­te­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer
    Ça­ga­lar bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň iň esa­sy baý­ly­gy­dyr. Ça­ga­la­ryň go­rag­ly­ly­gy­ny we ola­ryň aba­dan ösü­şi­ni üp­jün et­mek bol­sa bi­ziň iň esa­sy mak­sa­dy­myz bo­lup dur­ýar. Ola­ryň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, kä­mil ruh­ly we berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri bi­ziň her bi­ri­miz üçin der­wa­ýys­dyr. Çün­ki bi­ziň ýag­ty gel­je­gi­miz ýaş ne­sil­ler bi­len aý­ryl­maz bag­ly­dyr.
    1-nji iýun bü­tin dün­ýä­de äh­li ça­ga­la­ra go­ýul­ýan hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de bel­lenilip geçildi. Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­nü­ni baý­ram­çy­lyk hök­mün­de giň­den bel­leme­giň ta­ry­hy, öz göz­ba­şy­ny 1949-njy ýyl­da Pa­riž­de Ze­nan­la­ryň hal­ka­ra de­mokt­ra­tik fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de ka­bul edi­len ka­rar­dan alyp gaýd­ýar. Şon­dan bä­ri her ýy­lyň 1-nji iýu­ny Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni di­ýip yk­rar edil­di.
    Ýur­du­myz­da maş­ga­la­ny gol­da­mak, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek we ola­ra bi­lim ber­mek ba­ba­tyn­da top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu mak­sat­lar­dan ugur alyp, bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­dy we ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ül­ke­si bo­lan Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen be­lent şy­ga­ry­my­zyň as­tyn­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän, äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ça­ga­lar bag­la­ry­dyr or­ta mek­dep­ler yzy­gi­der­li gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň aja­ýyp kün­jek­le­ri bo­lan Gök­de­re­de we Ha­za­ryň ke­na­ryn­da – «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da er­te­ki­ler­dä­ki köşk­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri gur­lup, bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ziň döw­re­bap bi­lim we ter­bi­ýe al­ma­gy, sag­dyn ös­me­gi, ça­ga­lyk döw­rü­ni şa­dy­ýan we be­genç­li, tä­sir­li hem-de gy­zyk­ly ge­çir­me­gi üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.
    Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýaş ne­sil­le­riň bi­lim­ler dün­ýä­si­ne ynam­ly ara­la­şyp, ylym­ly, bi­lim­li, hü­när­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem ylym-bi­lim ojak­la­ryn­da bi­lim-ter­bi­ýe ber­li­şi­niň hil de­re­je­si ýo­ka­ry gö­te­ril­di. Bag­ty­ýar ne­sil­ler döw­re­bap okuw-gör­kez­me es­bap­la­ry, komp­ýu­ter­ler, mul­ti­me­di­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len bi­lim ojak­la­ryn­da bi­lim-ter­bi­ýe al­ýar­lar, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­ýär­ler. Şeý­le üs­tün­lik­le­riň göz­ba­şyn­da bol­sa bi­lim ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­ler dur­ýar. Bi­lim ul­ga­myn­da­ky öz­gert­me­ler ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni yl­my taý­dan me­ýil­leş­dir­mek, äh­li ul­gam­la­ra döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, bu ba­bat­da da­şa­ry ýurt tej­ri­be­le­ri­ni öw­ren­mek ba­ra­da­ky we­zi­pe­le­ri hem öz içi­ne al­ýar.

    Altynaý ANNAMYRADOWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir