Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Limon

  • 30.12.2021
  • Her bir paslyñ özboluşly aýratynlygy bar. Şoña  görä-de adamyñ möwsüme görä geýinmegi, iýmitlenmegi sagdyn ýaşamagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ak bazarlarymyzda islän gök önümleriñi we miweleriñi satyn alyp bolýar. Olaryñ arasynda peýdaly miweleriñ biride limondyr. Beýleki miwe önümleri ýaly, limon hem gadymy döwürlerden bäri köp ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär.
        Limonyñ adam bedenine we saglygyna täsiri örän uludyr. Arterial gan basyşynyñ kadalanmagyna itergi berýän, ýiti respirator wirusly ýokançlaryñ öñüni almaga ýardam edýän limonyn başgada köp sanly artykmaçlyklary bar. Limonda köp mukdarda saklanýan C witamini ýaglaryñ ýakylmagyna, bedeniñ agramynyñ azalmagyna, kalsiniñ siñmegine itergi berýär. Limonyñ düzüminde peýdaly organiki turşular bar. Limon C, A, B1, B2, PP witaminleriniñ we kaliý duzlarynyñ, misiñ egsilmez çeşmesidir.
    Limon şiresi çilim çekmek endigini taşlaýan adamlar üçin peýdalydyr. Limon şiresinden ýapgy edilende kellagyryny aýyrmaga peýda berýär. Her gün agşam ýatmazdan öñ, 1 limonyñ şiresi 100 gram bala garylyp taýýarlanan melhemligi gyzgyn çaýa ýa-da süýde garyp içmek peýdalydyr.
    Limon görklendiriji serişde hökmünde hem giñden ulanylýar, ondan dürli deri päkleýji losýonlar, ýapgylar, iýmitlendiriji kremler hem taýýarlanylýar. Limon derini ýumşadyjy häsiýete hem eýe. Limonyñ bir bölejigini tirsege, dyza, ökjä ýapsañ, deridäki gatañsy ýygyrtlaryñ ýazylmagyna, ýumşamagyna täsir edýär. Şeýle-de limony dyrnaklara sürtmek hem peýdalydyr. Onuñ şiresi dyrnagyñ berkemegine ýardam berýär we lowurdysyny artdyrýar. Limon konditer önümlerini öndürmekde-de giñden peýdalanylýar.

    Çynar GYLYÇDURDYÝEWA
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir