Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýaşlar-Watanyň daýanjy

  • 19.10.2024
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaşlaryň talabalaýyk bilim almaklary, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we bu tejribäni bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzda ýaş nesliň aladasy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär. Ata-babalarymyz nesillerimize asylly däpleri, halallyk ýollaryny miras galdyrypdyrlar. Olar Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler bilen ýaşlary terbiýeläpdirler. Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilen işler nesil terbiýesinde möhüm orun tutýar. Pähimdar pederlerimiz asyrlaryň dowamynda parasatly sözleri, nakyllary miras goýupdyrlar. Bu nakyllar köpugurly bolup, geljek nesilleri terbiýelemekde mukaddes ýörelge bolupdyr. Şeýle bolansoň nakyllar, pähimler, atalar sözleri halkymyzyň diliniň senasyna öwrülipdir. «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem şeýle paýhasly sözleriň birnäçesi ýerleşdirilipdir. Örän ussatlyk bilen aýdylan bu nakyllarda dil baýlygyny hem, terbiýeçilik ähmiýetli dana sözleri hem görmek bolýar, çünki terbiýe meselesine örän paýhaslylyk bilen çemeleşmek türkmen halkyna mahsus bolupdyr. Şonuň üçinem çagalary söz bilen terbiýelemek, görüm-görelde bilen mekdep bolmak ýaşuly nesliň asylly ýörelgesidir. Çuňňur many-mazmuna eýlenen sözler ýaşlaryň terbiýesine örän oňat täsir edipdir. Munuň özi nakyllaryň ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly baýlykdygyndan habar berýär. Ata Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň okamagy, sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

    Ogulşeker ORAZGULYÝEWA
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir