Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Şanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumyýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bilim baýramçylygy Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjylary üçin hem aýratyn şatlyga beslendi. Bu ýerde 96 orunlyk mekdep gapylaryny giňden açdy. Mundan başga-da, welaýatyň Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda 400 orunlyk mekdep açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir. Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem Bilimler we talyp ýaşlar gününi täze orta mekdebiň, çagalar bagynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar bilen garşyladylar. Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasyndaky 160 orunlyk çagalar bagynyň, Mary şäherindäki 500 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabaralary uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gojaman Köpetdagy etekläp oturan Arkadag şäheriniň bilim ojaklarynda hem dabaralar guraldy. Baýramçylyk gününde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, iňlis diline ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary ýaş nesilleri gujak açyp garşylady. Şu ýyl Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlan uçurymlaryň ençemesi ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby boldy. «Akylly» şäherde 6 ýaşly körpeleriň 600-e golaýy bilimler dünýäsine gadam basdy. Milli Liderimiziň başlangyjy, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde döredilen şäher häzirki zamanyň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki, intellektual aýratynlyklaryny we oňyn ýörelgeleri özünde jemleýär. Bu ýerde gurlan bilim ulgamynyň ajaýyp desgalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi açyldy. BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde döredilen täze merkez ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp sowgat boldy. Bu merkeziň açylmagy türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryny çuňňur özleşdirmegine, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hünärmenler bilen üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Ýaş nesli ylym-bilim dünýäsiniň ýagty ýolundan bagtly geljegimize alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jemşit BÄŞİMOW Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby