Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ylmy-tehniki ösüş

  • 17.11.2023
  • Berkarar döwletimizde ylmy-tehniki ösüş, ýurduň umumy ykdysady ösüşini tizleşdirmäge, ykdysadyýetde durnukly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýän ugurdyr. Ýurdumyzda ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň özara baglanyşykda ýokary depginlerde ösmegi üçin zerur bolan zamanabap täze tehnologiýalar ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna üstünlikli ornaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde sanly ulgam tehnologiýalary diňe bir önümçilik pudaklaryna däl-de, ynsan durmuşynyň ähli taraplaryna giň gerimde ornaşyp barýar. Munuň özi jemgyýetiň, ýaşyna we meşgul bolýan hünär ugruna garamazdan, her bir wekiliniň gündelik durmuşda sanly ulgam tehnologiýalary bilen iş salyşmagyna, şonuň esasynda hem dolandyryşyň bu häzirki zaman ulgamyna doly girişmegine mümkinçilik berýär. Sanly ulgam ykdysadyýetiň mazmunyny üýtgetmeýär-de, eýsem ykdysadyýetiň her bir ugry boýunça alnyp barylýan işleriň usullaryny, tärlerini ýeňletmäge, az wagt we az zähmet bilen köp netijeleri gazanmaga şertleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti barada aýtmak bilen: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip belleýär. Häzirki wagtda ylmyň iň täze gazananlarynyň biri hökmünde sanly tehnologiýalar ulgamyny görkezmek bolar. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalar ulgamyny ornaşdyrmak esasynda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olardan: «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki onlarça kanunçylyk resminalaryny agzap geçmek bolar. Biz ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza,  uzak ömür, jan saglyk, döwletli işlerinde üstünlik arzuw edýäris.     


    Tawus GYLYJOWA 

    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir