Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Özgertmelere beslenýän bilim ulgamy

  • 15.10.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, milli ylym-bilim ulgamynda ajaýyp özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda täze okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Öňden bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenilip, zamanabap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda gaýtadan işlenilip, kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge tarap giň gerimli mümkinçilikler açyldy. Ýurduň tebigy serişdeler baýlygyny ýerlikli ulanyp, gaýtadan işleýän kuwwatly senagatyň döredilmegi öz nobatynda täze iş ugurlary boýunça zamanabap bilimli, hünärli ýaş hünärmenleri talap etdi. Şeýlelikde, daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleri bilen birlikde, öz ýurdumyzda bu täze hünär ugurlary boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleri döredildi. Bu ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasynyň iň çylşyrymly we täze durmuşa ornaşýan ugurlaryny öwredýän hünär bilimlerini göz öňünde tutup, häzirki zaman dünýäsiniň iň ösen tejribeleriniň öwrenilýändigini görkezýär. Senagatyň industrilizasiýadan awtomatika, awtomatikdan sanly ulgama ösüp geçmegi bilim berlişiniň hiliniň ugurdaş ösdürilmegini talap edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda bilimi sanlylaşdyrmak boýunça göze görnerlikli işler amal edildi. Bilim bermek we bilim öwrenmek işinde sanly ulgamdan peýdalanmak barha giňden ornaşýar. Sanly bilim ulgamy bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge, bilim derejesini, ýetişikleri gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýän ulgamdyr. Munda bilim maglumatlaryny ygtybarly saklamaga, goraglylygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikler bardyr.
    Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly kabul edýän resminamalary düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän, ökde hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Biz ýurdumyzda ylym-bilime giň ýol açýanArkadagly Gahryman Serdarymyza, uzak ýaş, jan saglyk arzuw edýäris.

    Yslamberdi TYLLANUROW
    Türkmen döwlet binägärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir