Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ylym-bilim ulgamynyň täze, has kämil, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan özboluşly ulgamy kemala geldi. Gahryman Arkadagymyz «Ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitleriň, beýik ösüşleriň, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly nesliň güýji, zehin baýlygy bilen gazanylýandygy geljekki ösüşlerimiziň kepilidir» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamynyň ähli ugurlarynda, şol sanda umumy bilim berýän orta mekdeplerde hem okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak we kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklary biziň üçin mundan beýläk hereket etmegiň anyk ýollaryny salgy berdi. Çagalaryň zehininiň ösmegine ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen döwlet merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlary ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagynda, ukyp-başarnygyny ösdürmeginde, ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir. Ýaş nesli döwrebap terbiýelemegiň, döredijilik ukyplaryny ösdürip, hemmetaraplaýyn başarjaň, ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň meseleleri, bu babatda ussat mugallymlaryň, terbiýeçileriň iş tejribelerini, okatmagyň has işjeň usullaryny öwrenmek hem-de ýaýratmak we beýleki durmuşa geçirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmak okuwlaryň, maslahatlaryň esasy maksady bolup durýar. Barha okgunly ösýän döwrümiz bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýýar. Durmuşymyzyň ähli ulgamlaryny innowasion esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň jemgyýetimiziň bilim mümkinçiliklerine daýanýandygyny munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Şonuň üçinem sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaş nesle täze tehnologiýalar esasynda ýokary derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Ajaýyp zamanamyzyň baş şygaryna öwrülen bu mizemez hakykat biz—bilim işgärleriniň alyp barýan köptaraply okuw-terbiýeçilik işimiziň esasy mazmunyny kesgitleýär. Bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirmegimiz üçin Arkadagly Serdarymyz ähli şertleri döredip berýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutup bermegi bolsa munuň aýdyň bir nyşanydyr. Nesillerimiziň döwrebap bilim alyp, hakyky watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hemişe alkyş aýdýarys.
Orazgül BERDIÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy