Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ylym we tehnika ösüşiň ýoly

  • 10.05.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösen ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, durmuşymyzyň dürli ugurlaryna, şol sanda bilim ulgamyna ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerini internet-aragatnaşyk ulgamyna birleşdirmek, olary kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün etmek, sapaklary sanly ulgamda guramak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi biziň jemgyýetimizde bilimiň ýokary derejede ösdürilýändigini we döwrebaplaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilim edaralarynda guralýan sapaklaryň mazmun hem hil taýdan ýokary derejä eýe bolmagyny, usulyýetiniň baýlaşdyrylmagyny, ýaşlaryň öwrenenlerini ýokary derejede özleşdirmeklerini, şeýlede milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň kämil hünärmenler bilen üpjün edilmegini şertlendirýär. Adamzadyň durmuşynda şahsy kompýuterleriň we habarberiş tehnologiýalaryň tutýan ornunyň düýpgöter üýtgemegi okuwlaryň guralyşyna, okuwçylara we talyplara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şonuň üçin hem bu tehnologiýalar okuwlaryň guralyşynda maglumat toplamagyň ygtybarly çeşmesi hökmünde giňden peýdalanylýar. Bilim terbiýeçilik edaralarynyň, okuw merkezleriniň sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagada täsirini ýetirýär. Sanly serişdeler esasynda interaktiw usulda guralýan sapaklarda mugallym okuwçylara we talyplara düşündirjek temasyny, berjek maglumatlaryny kompýutere girizip, ekranda görkezip, onda dürli görkezme serişdelerini diňleýjileriň dykgatyna hödürleýär. Şeýlelikde, okuwçylar, talyplar temany diňe diňlemek arkaly dälde, eýsem, görmek arkaly hem özleşdirip, bilimlerini çuňlaşdyrýarlar. Mälim bolşy ýaly, sanly ulgamyň işjeňleşdirilen tehnikalary we informasion serişdeleri, esasan hem interaktiw tagtasy arkaly islendik kompýuteri dolandyrmak bilen, onuň ekranyna suratlary, kartalary, shemalary çykaryp, dürli gurluşlary döredip bilýäris. Interaktiw tehnologiýalary öndüriji kompaniýalar interaktiw gurluşlary dolandyrmaga, sapagyň gidişinde bellikleri etmäge we beýleki işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýöriteleşdirilen maksatnama üpjünçiliklerini hödürleýärler.

    Guwanç DÄDÄÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir