Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ylym, bilim ulgamyny döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesinden ugur alyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, asylly ýörelgelerini öwretmek, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler depginli alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, umumy bilim we ýörite orta bilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň tertipnamasyna täze sapaklar girizilip, ýaşlaryň bilim ummanyna has-da çuňňur aralaşmaklary, dünýä garaýyşlarynyň giňemegi, pähim-parasada golýapan pederlerimiziň asylly ýörelgelerine, milli gymmatlyklarymyza ygrarly bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Bugün bilim edaralary okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen doly üpjün edilýär, ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň işini hasda kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjünetmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilen uzak aralykdan okatmak, internet torundan gerekli maglumatlary gözläp tapmak, daşary ýurt bilim edaralary bilen tejribe alyşmak, onlaýn sapaklary guramak hem-de halkara ylmy bäsleşiklerine, konferensiýalara gatnaşmak, dürli wideo şekilleriň üsti bilen sapaklaryň ähmiýetini ýokarlandyrmak ýaly ençeme çäreler guralýar. Daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmek üçin eýýäm çagalar baglarynda lingafon, kompýuter ýaly tehnologik enjamlar ulanylyp, çagalara dil öwretmegiň başlangyç tapgyrlary öwredilýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimli, giň dünýä garaýyşly, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine ygrarly, zähmet söýer, kämil ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy,
Berkararlyk etrap halk maslahatynyň agzasy