Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşdirilýär

  • 24.04.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli bilim edaralarynda biz ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejesinde uly abraýdan peýdalanýar. Häzirki wagtda bilim edaralaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimleri yzygiderli berkitmäge ýardam edýär. Bilim edaralarynda elektron bilimi ýola goýmak we uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak ösüşiň täze basgançagyna çykylmagyny üpjün edýär. Şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda milli bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ykdysady taýdan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna şert döredýär. Belent hem jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.

    Ygtyýar GELDİMYRADOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir