Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ylym we bilim ulgamlarynyň ösüşi

  • 21.04.2023
  • Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşleri durnukly ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär. Jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peydalanman, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky» Konsepsiýa kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki, ýagny sanly maglumatlary öwrenijiler köpçüligine ýetirmek, sapaklara degişli maglumat dolanyşygyny kämilleşdirmek we bilim pudagynda sanly bilimi ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle hem Konsepsiýa maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda, ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamy - munuň özi diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş ynsanyýetiň ýasaýyş-durmuşynyň ýeňilleşmegidir. Sanly bilim ulgamy özünde elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary we sözlükler ýaly bölümleri jemleýär. Bu ulgamy ösdürmekde, ilkinji nobatda, bilim dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, talyplaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir. Muny durmuşa geçirmek üçin, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bilim ojaklarymyzda sanly bilim portaly we elektron kitaphana portallary hereket edip, islendik ýokary okuw mekdebinde okaýan talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmäge uly goşant goşýar.


    Oguldürli TAGANOWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir