Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Bilim-nurana geljege ak ýol

  • 18.04.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklary we beýleki ulgamlary üçin bilim we amaly taýdan kämil, medeniýetli hünärmenleri taýýarlamaga, şahsyýetiň bilimini çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamaga, goramaga hem-de baýlaşdyrmaga ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy we bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işiniň yzygiderli dowam etdirilmegi berilýän bilimiň döwrebap bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli bilim ulgamy uly özgerişleri, ösüşleri başdan geçirýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, täze tapgyrlara çykarylýar. Häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze we durky täzelenen mekdepler şu günki gün bilim bermek işine sanly bilimiň ornaşdyrylmagy üçin ajaýyp maddy-tehniki binýat bolup hyzmat etdi. Şuňa laýyklykda, okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna degişli üýtgetmeler girizilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda epesli işler edildi. Bilim bermek we bilim öwrenmek işinde sanly ulgamdan peýdalanmak bilim-terbiýeçilik işiniň has janly we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede guralmagyna mümkinçilik berýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak üçin döwletimiz tarapyndan bimöçber serişdeler goýberilýär, bilimiň hilini halkara talaplara laýyk getirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly kabul edýän resminamalary düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ökde hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

    Allamyrat NURMÄMMEDOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir