Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Bilim bagtyň röwşen ýoly

  • 11.04.2023
  • Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsep­siýasy» bilen bir hatarda, «Türkmenis­tanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem giň gerimde durmuşa geçirilýär. Sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny başarnykly ulanmakda dil bilmegiň ze­rurlygy hemmä mälimdir. Ýurdumyzda hereket edýän çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň äh­lisinde daşary ýurt dilleri öwredilýär. Dil babatynda alnyp barylýan syýasat türk­men ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilim almaklaryna gönükdirilendir. «Tä­ze bir dil öwrenmek dünýäni synlaýan penjiräniň köpelmegidir» diýlişi ýaly, daşary ýurt dillerini bilmeklik täze mümkinçilikleriň gözbaşy bolup durýar. Türkmen diliniň üsti bilen daşary ýurt dilini öwretmek mugallymyň kämil başar­nygyny, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Ýurdumyzyň mugallymlary bolsa ýaşaýan zamanasyna laýyk, giň dünýä­ garaýyşly adamlary kemala getirmekligi özlerine maksat edinýändir. Şunuň bilen baglylykda, terbiýeçilerdir mugallymlar, şol sanda daşary ýurt dili mugallymlary okatmagyň aýry­aýry usullaryndan we dürli serişdelerden peýdalanmak arkaly berilýän bilimiň netijeli bolmagy ugrunda ýadawsyz işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir» diýen sözleri olaryň işinde esasy çelgidir.Daşary ýurt dilleri sapaklarynda mu­gallymlaryň lingafon enjamlaryndan, kompýuter tehnologiýalaryndan, in­teraktiw tagtalardan peýdalanmaklary sapaklaryň täsirliligini we netijeliligini has­da artdyrýar. Ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň birinji bas­gançagy bolan çagalar bagynda işi göwnejaý gurap, innowasion tehnolo­giýalardan, multimedia enjamlaryndan okuw sapaklarynda netijeli peýdalan­mak döwrüň möhüm talabydyr. Türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, öm­ri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

    Didar ÇOLUKOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir