Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly bilim ösüşiň ýoly

  • 04.04.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň ähli ugurlary sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sanly ulgamyň iň ýokary gazananlarynyň elýeterliliginiň üpjün edilmegi ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagynyň netijesinde amala aşyrylýar. Ilkinji nobatda, ýaş talyplara döwrebap bilim bermekde sanly tehnologiýalaryň möhüm orny eýeleýändigini bellemelidiris. Biziň bilim berýän ýokary okuw mekdebimizde hem geçilýän sa­paklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen talyplar we mugallymlar üçin ýörite bilim portaly döredildi, elektron kitaphananyň işi ýo­la goýuldy. Şeýle­de dersler boýunça wideo we audio materiallar bilen üpjün edildi. Elektron materiallary bilim portaly arkaly ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerine ýaýratmaga mümkinçilik döredildi. Institutymyzda professor­ mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň hem­de ýurdumyzyň abraý­ly ýokary okuw mekdepleri bilen teleköprüler yzygiderli ýagdaýda guralýar. Häzirki wagtda sanly tehnologiýala­ryň ylym­-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy talyp ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy babatda amala aşyrylýan işleriň dowamlydygy­ny aýan edýär. Talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, işle­megi we döretmegi babatda ähli mümkinçilik­leri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


    Leýla ÝUSUPOWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir