Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Bilimleriň we ylymlaryň ösýän mekany

  • 03.04.2023
  • Aşgabat diňe bir binagärlik, ýaşaýyş- durmuş taýdan dünýäniň meşhur şäherine öwrülmän, eýsem, bilimleriň, ylymlaryň hem pajarlap ösýän mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda paýtagtymyzda ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi hereket edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly wajyp wezipäni üstünlikli ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda rowaçlyklara beslenýän berkarar Diýarymyzyň her bir bilim ojagy doly kompýuterleşdirilýär, interaktiw-multimedia enjamlary bilen üpjün edilýär. Döwrüň ösen tehniki serişdeleriniň bilim ojaklaryna giňden ornaşdyrylmagy talyp ýaşlaryň bilimleri halkara derejeli çuň özleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda durmuşa ornaşdyrylýan bu möhüm işler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň kalbynda Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz buýsanç hem-de hoşallyk duýgularyny döredýär, bagtyýar durmuşymyzyň eşretlerine buýsanyp ýaşamaga, döretmäge, gurmaga egsilmez güýç kuwwat berýär. Goý, eziz Diýarymyzy bilimleriň we ylymlaryň ösýän mekanyna öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

    Myratdurdy PİRMUHAMMEDOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir