Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Döwrebap bilim-kämil ýaşlar

  • 30.03.2023
  • Ylmyň we tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe in­ternet torlarynda okyjylar we belli­belli ugurlar boýunça bilim alýanlar üçin elektron kitaphanalaryň sany hem gitdi­giçe artýar. Munuň özi okyjylara we talyp ýaşlara ençeme ýeňillikleri döredýär. Sebäbi internet ulgamynyň üsti bilen gerekli maglumatlarydyr ylmy kitaplary tiz tapmaga, oka­maga täze mümkinçilikler döreýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ulgamy, aýratyn­da, sanly bilimi kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Bu ugurda sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda özara baglanyşygy ýokarlandyrmak, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy­ enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Okuwçy we talyp ýaş­lar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, daşary ýurt dillerini öwrenýärler, beýleki ugurlar boýunça bilimlerini ösdürýärler. Şeýle­de internet ulgamy ýaş nes­le dürli ýerlerdäki deň­duşlary bilen pikirlerini we bilimle­rini paýlaşmaga şert döredýär. Olar sanly ulgam arkaly geçirilýän dürli açyk sapaklara gatnaşmak arkaly bilimdir düşünjelerini çuňlaşdyrýarlar. Ýurdumyzy ösdürmek babatda alnyp barylýan döwlet sy­ýasatynyň esasy ugry bolan sanly özgertmeleriň çäklerinde biz — mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermek ugrunda ýadawsyz zähmet çekmäge borçlanýarys. Talyplarymyzyň bilimlerini artdyrmak we gözýetimlerini giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň ussat professor-­mugallymlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam ar­kaly okuw sapaklaryny yzygiderli geçirýäris. Şeýle­de talyp ýaşlara saýlan hünärleri bilen baglylykda iňlis, ýapon, rus dil­leri hem dünýä ülňülerine laýyklykda öwredilýär. Mahlasy, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp döwrebap bilim berilmegi talyp ýaşlaryň öz işine ussat, kämil hünärmen­ler bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir.

    Kerim ANNAMUHAMMEDOW
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir