Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, häzirki zaman dünýäsiniň ösen sanly tehnologiýalaryna erk edip bilýän, ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn begenli adamlary bolup ýetişmekleri üçin zerur bolam ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Ýaşlar barada alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny» we ony ýerine ýetirmek boýunça degişli meýilnamany tassyklamagy bu işiň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün eden möhüm ýagdaý boldy. Bäş ýyllyk Döwlet maksatnamasynda we ony ýerine ýetirmek boýunça Meýilnamada göz öňünde tutulan esasy wezipeler ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olary medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza bolan milli söýgi ruhunda terbiýelemek, sagdyn pikirli kämil nesiller edip ýetişdirmek babatda bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak ýaly wezipelerden ybarat bolup durýar. Bu wezipeler «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», şeýle hem «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň esasynda amala aşyrylýar.Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen, ýaşlar häzirki zaman biliminiň iň ösen derejesine — sanly ulgam usulyna laýyklykda bilim alýarlar. Ýurdumyzda döredilen «Sanly çözgüt-IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde sanly bilim ulgamynda bilim bermegiň milli taslamalary taýýarlanylýar. Şunda işlenilip düzülen «Mekdep» programmasy eýýäm ýurdumyzyň bilim edaralarynda ornaşdyrylyp başlanyldy. Sanly mekdebi dolandyryş ulgamy mekdep müdiriniň, mugallymlaryň, ene-atalaryň hem-de okuwçylaryň ýakyn arabaglanyşygyny üpjün edýär. Hut şu nukdaýnazardan hem bu programma ýurdumyzyň ähli orta, ýörite hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ählisi üçin zerur bolan taslamalaryň biridir. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde sanly bilim portaly hereket edýär. Ol «Elektron poçta», «Elektron resminamalar», «Okuw», «Elektron kitaphana», «Bildirişler» diýen ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şeýle hem daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň, professor-mugallymlarynyň arasynda uzak aralykdan sapaklar, widioşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda okatmagyň öňdebaryjy häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy biz — talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has çuňňur öwrenmegimiz üçin amatly şertleri döretdi. Şulardan hem görnüşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri, giň gözýetimli, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Garaşsyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il-ýurt ähmiýetli döwletli işleri rowaç bolsun!
Aknur ABDYÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby