Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde döwletimiz gülläp ösýär. Ýurdumyzda bilim, ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda, durmuşa geçirilýän işler buýsanja mynasypdyr. Bilim ulgamynyň maddy-tehniki, şeýle-de ylmy-usulyýet binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak işleri möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda häzirkizamanyň talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen täze çagalar edaralarynyň, okuw mekdepleriniň, çagalar we ýaşlar üçin çeperçilik merkezleriniň, sport meýdançalarynyň bina edilmegi bu hakykaty doly tassyklaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin döredilýän amatly şertler ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýägaraýşynyň artmagyna gönükdirilendir. Umumy bilim berýän orta we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň, şeýle-de çagalar baglarynyň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, multimedia we häzirki zaman kompýuterler bilen üpjün edilmegi, interaktiw usullaryndan peýdalanma mümkinçilikleriniň döredilmegi ýaşlaryň ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmäge, gözýetimini giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmany döretmäge giň ýol açdy. «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip belleýän Arkadagly Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işiniň düýpli kämilleşdirilmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna berýän üns-aladasy biz —bilim işgärlerini has-da netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bilim işgärlerine döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, geljekde-de ösüp gelýän ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Oguljahan ŞAJANOWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy