Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyry

  • 19.03.2023
  • Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynda hem-de olaryň döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynda, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň hyzmaty örän uludyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm meseläniň çözgüdinde dünýäniň maglumatlar ulgamyna milli sanly bilim ulgamynyň sazlaşykly goşulyşyny gazanmakdan ugur alynýar. Ýurdumyzda kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda bellenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Biz talyplar  geçýän her bir sapaklarymyzda ylmyň innowasion usulyýetinden peýdalanýarys. Okuwumyzda sanly bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen bilim portaly döredildi. Bu bilim portalynda  giňişleýin maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem, onuň üsti bilen talyplar özleriniň okaýan derslerine degişli mugallymlaryň wideoýazgyly sapaklaryny peýdalanyp bilýärler.

    Arslan NURÇİÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir