Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatydyr

  • 14.03.2023
  • Ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatydy
    Garaşsyz ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyz bilen daşary döwletleriň okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklary has-da giňeýär. Türkmenistan abraýly ylym we bilim merkezleri, şol sanda Ýewropanyň okuw merkezleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýup, dürli döwletlerde bilim alýan talyplarymyzyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy. Şeýle-de ýurdumyz halkara ylmy-barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky alyşmalara hem-de akademiki maglumatlar ulgamyny ösdürmäge giňden gatnaşmagyny ýola goýdy. Bilim, ylym, innowasion tehnologiýalar, taryhy we binagärlik ýadygärliklerini goramak hem-de täzeden dikeltmek we beýleki ugurlar boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, bilelikdäki bilim edaralarynyň döredilmegine, geljegi uly ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işler öňdebaryjy tehnologiýalara, sanly bilimlere, dünýä tejirbelerine esaslanan adam mümkinçiligini yzygiderli artdyrmaga — ylym we bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilendir. Dünýäde innowasion tehnologiýanyň we sanly ulgamyň ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenip, bu babatda oňat netijeler gazanylýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Munuň özi maglumatlary toplamagyň we seljermegiň täze, döwrebap usullarynyň hem-de gurallarynyň döremegine, maglumatlaryň alşylmagynyň tizliginiň artdyrylmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

    Maksat JUMMİÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby
     

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir