Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ylym-bi­lim ul­ga­myn­da uly ösüş­ler

  • 17.02.2023
  • Be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan eziz Diýa­ry­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty esa­syn­da äh­li ul­gam­lar­da bol­şy ýa­ly, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hem uly ösüş­ler ga­zanyl­ýar. Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne da­ýa­nyp, san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek esa­sy wezi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Ylmyň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we  netijeli peýdalanylmagy jemgyýetiň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny hasda ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda strategik ähmiýetli resminamadyr. Onuň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim bermek arkaly degişli ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bilim edaralarynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde degişli ugurda kabul edilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerini okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şonuň netijesinde öz işine ussat hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Milli Liderimiziň binýadyny goýan bilim özgertmeleri Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da rowaçlanyp, türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, giň gözýetimli ynsanlar bolup ýetişmegine ýardam edýär.

    Didar AŞYROW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir