Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýaşlar- Watanyň röwşen geljegi

  • 05.02.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmeginde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda –  günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda asylly däbe öwrü­len ýörelge esasynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi biziň belent başymyzy göge ýetirdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalan ýaşlara  beýik ynam bildirilýändiginiň,  buýsançlaryň has-da dabaralanýan ýylydyr. Ýaşlara bildirilýän ynamyň, buýsanjyň özeninde uly many bar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde biziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şeýle göreldesi  — ýaşlar üçin nusga alarlyk mekdep bolup durýar. Biz şol göreldäni özümize nusga edinip, ata Watanymyza, halkymyza wepaly, Diýarymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekde tagallamyzy, zehinimizi, ukybymyzy gaýgyrmaýarys. Döwletimizde ýaşlar hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar barada edilýän aladanyň örän uludygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak ýaşlar üçin mukaddes borçdur we uly mertebedir.
    Ýyl­lar gel­şin­den bel­li bo­lar diý­li­şi ýaly, Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýyly hem buý­san­dy­ry­jy wa­ka­la­ra bes­le­nip,eziz Wa­ta­ny­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­rynyň gö­wün guş­la­ry­ny ga­nat­lan­dyr­ýar.
    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 28-nji ýanwarda geçirilen nobatdaky VIII gurultaýy hem biz ýaş nesiller üçin täze mümkinçilikleri açdy. Gurultaýda garalan meseleleriň hatarynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ýaly möhüm wezipeleriň bolmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň giň gerime eýedigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz gurultaýa gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar» diýip belledi. Goý, türkmen halkyny, şol sanda biz bagtyýar ýaşlary abadan, eşretli durmuşyň eýesi eden Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, il- -ýurt bähbitli beýik tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

    Gülşat ALMAZOWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir