Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Akylyň dowamy sowat, bilim we ylymdyr

  • 11.01.2023
  • Dünýädäki ähli janly-jandarlara belli bir aýratynlygyň berlişi ýaly, ynsana hem akyl berlipdir. Ol şol akyly bilen dünýädäki ähli janly-jandarlardan güýçlüdir. Akylyň dowamy sowat, bilim we ylymdyr. Bilimli, ylymly bolmak köp okamakdan nyşan. Adam kitap okanda onuň bilimi, dünýägaraýşy, gözýetimi, aň-düşünjesi artýar. Ol şol esasda hem durmuşda ajaýyplyklary döretmäge başlaýar. Taryha ser salsak, ata-babalarymyzdan bize miras galan çeşmelerde hem ylym-bilim babatda, dünýä akyl ýetirmek, onuň manysyna düşünmek dogrusynda örän köp ýazgylar, aýtgylar galypdyr. Gündogaryň beýik akyldarlary, şahyrlary öz eserlerinde adamyň bilim almagynyň, ony durmuşda peýdalanmagynyň örän möhümdigini belläpdirler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi ” kitapda bilim barada şeýle jümleler bar:

    Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat.

    Bilimli — ölmez, bilimsiz — gülmez.

    Biliamli — uçar, bilimsiz — gaçar.

    Bilmeseň bir aýyp, bilip amal etmeseň, iki aýyp.

    Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

    Nariman AGAJANOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir