Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ylym ösüşiň kuwwatly güýji

  • 09.01.2023
  • Ylym islendik döwürde we döwletde jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzda hem ylym dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda ylym ýokary depginler bilen ösdürilýär. Onuň gazananlary we dünýä ylmynyň netijeleri önümçilikde hem-de bilim ulgamynda işjeň peýdalanylýar. Ýurdumyzyň bilim syýasatynyň iň möhüm bölegi dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ylym we bilim beriji edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Alymlaryň abraýynyň ýokarlanmagy, ylmy döredijilik bilen işjeň meşgul bolmaga we ylma ukyply ýaş alymlary çekmäge mümkinçilikleriň giňelmegi, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegi bilen, türkmen ylmy özüniň ösüşinde hil taýdan täze, has belent sepgitlere çykýar. Eziz Diýarymyzda halkyň aň-bilim mümkinçilikleriniň netijeli ugurlarynyň artdyrylmagy hem-de bu ugurda amal edilýän uly işler ähli üstünliklerimiziň özeni bolup durýar. Şeýle uly mümkinçiliklerden giňişleýin peýdalanýan ýaşlar ýurdumyzyň ykdysadyýetine, senagatyna degişli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ugrunda gazanylýan ösüşlere uly goşant goşýarlar. Eziz Diýarymyzda durmuş-ykdysady we medeni ösüşi kesgitleýän esasy şertleriň biri bolan bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, ajaýyp üstünlikler Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy we parasatly başlangyçlary netijesinde gazanylýar. Ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

    Jahan BERDİÝEWA
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir