Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda garşylaýan her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz ajaýyp üstünliklere beslenip, eşretli günlere ulaşýar. Halkymyzda gazanylan üstünlikler geljekde täze sepgitlere ýetmäge gönezlik hasaplanyp, olaryň gadyr-gymmatyna aýratyn sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamy dogrusynda gürrüň açylanda, türkmen halkymyzyň buýsanmaga haky bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýaş neslimize dünýä ülňülerine laýyk bilim berilmegi, olar baradaky aladalaryň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi halk bähbitli işleriň iň bir naýbaşysy bolsa gerek. Sebäbi her bir maşgalanyň hem, ýurduň hem geljegi şu günki ýetişip gelýän nesle bagly. Akylly-başly, edep-terbiýeli, bilimli-ylymly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmen bolup ýetişen perzentli öý bagtlydyr, şeýle ogul-gyzlaryň ýetişýän ýurdy hem berkarardyr, has bagtyýar ertirlere gadamlary batlydyr. Ylym-bilime aýratyn üns berýän, ýaşlaryň giň gözýetimli, kämil bolup ýetişmekleri üçin çuňňur alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky üstünlikler her ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, kalbymyzy çoýýar. Hut soňky ýyllarda ýurdumyzda çuňňur bilimli ýaş neslimiz ýetişdi. Olaryň dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara ders, taslama, zehin, sport bäsleşiklerinde iň öňdäki orunlary eýeläp, altyn, kümüş, bürünç medallara, tapawutlanan diplomlara mynasyp bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Hormatly Arkadagymyzyň “Bilim syýasatymyzyň iň möhüm bölegi dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr” diýmek bilen, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleriniň wajypdygyny belläp, dil öwrenmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Berkarar döwletimizde çagalar bagyndan başlap ene dilimizi we dünýä dillerini öwretmek ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Ondan daşary hem ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä dilleriniň ençemesi öwrenilýär. Ýörite daşary ýurt dillerini okatmaga niýetlenen mekdeplerimiz hem hereket edýär. Görşümiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşary ýurt dillerini has çuň we kämil öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Ine, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky gazanýan üstünlikleriniň birje ülşi barada gürrüň açdyk. Bularyň bary bolsa, ýeneki üstünliklere gönezlik we badalgadyr.
Tamara SEİTOWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy