Häzirki döwürde intellektual we tehnologik bäsdeşlik barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyplylygyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini görkezýär. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy buýsançly ýagdaýdyr. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilýändigini şertlendirýär. 2015-nji ýylda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen «Biziň dünýämiziň özgerdilmegi: Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde» geljekki 15 ýyl üçin dünýä ösüşini üpjün etjek maksatlaryň 17-si kesgitlenildi we olaryň düzüminde «Ýokary hilli bilimiň» durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi onuň adamyň aňyny ösdürmekde, ahyrky netijede, dünýäni özgertmekde tutýan möhüm orny bilen baglydygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, döwletimiziň ykdysady we goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak ugrundaky alyp barýan beýik işleri ýaşlarymyzyň jogapkärçiligini ýokarlandyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Döwlet tarapyndan ýaşlaryñ döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin gönükdirilen çäreler olaryň döwre laýyk ylmy-tehniki açyşlary durmuşa ornaşdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga giň ýollary açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýaşlaryň okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize bimöçber sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýjemal SATLYKOWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby