Ylym biziň düşünjämizde ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze ideýalar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris. Taryhçylar we jemgyýeti öwreniji alymlar adamzadyň bahasyz baýlygynyň ylymdadygyny beýan edýärler. Hormatly Prezidentimiz ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegi we onuň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna gönükdirmegi baş maksatda goýýar. Ine, şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň düýpli özgertmeleri bilen milli ykdysadyýetiň täze-täze pudaklary we düzümleri döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň baş maksady milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýeleme ýaşlary ylmy işlere işjeň çekmek bilen häsiýetlidir. Bilim-ylym özgertmeleri netijesinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine getirýär. Çuňňur ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletleri nazara alýan Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňat netijelerini görkezýär. Halkyň eşretli durmuşy we Watanymyzyň görlüp eşidilmedik derejede ösüşli galkynyşy uly abraý-mertebä beslenýär. Dünýäde umumadamzat medeni-ruhy gymmatlyklaryň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýan merdana türkmen halky täze ösüşler bilen öňe barýar.
Nedir ORAZMUHAMMEDOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby