Abadan, parahat ýurdumyzda halkymyz bagtyýar zamanamyza guwanyp ýaşaýar. Bagtyýar zamanada zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine Öz mynasyp goşandyňy goşup, çeken zähmetiň hözirini görmek uly bagt. Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny, beýik işlerini mynasyp dowam etdiryän Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diyen pähim-paýhasa ýugrulan şygary hem halkyň aýdyň geljegine, bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda halkyň asuda ýaşaýşynyň, bagtyýarlygynyň, absdançylygynyň bähbidine gönükdirilen maksatnamalar, özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeyle maksatnamalaryň biri-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasydyr». Bu maksatnama yurdumyzda geljekki 30 ýylyň dowamynda durmuşa geçiriljek ägirt uly özgertmeleri, ylym-bilim, senagat, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly pudaklarda amala aşyrylmaly işleri öz içine alýar. Ýeri gelende bellesek, eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim hem sazlaşykly ösdürilýär. Yurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp yaşlary özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, olimpiadalarda, ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamynyň kämilliginden habar beryär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri, şol sanda ylym-bilim özgertmeleri ýaş nesilleriň aýdyň geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Watanymyzyň geljegi yaşlaryň kämil ylym-bilimine, ukybyna, başarjaňlygyna baglydyr. Şonun üçin ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap tehnologiýalary dolandyryp bilýän ýaşlaryň başarjaň hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin tagalla edilyär. Bu günki gün eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ylym-bilim syýasaty aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ylym-bilimden ýüküň ýetik bolmagy kämillikden nyşandyr. «Ýüz okasan ýat bolar, müň okasaň binýat bolar» diýlişi ýaly, okamak, il-günüňe wepaly, ilhalar ynsan bolup ýetişmek türkmen maşgalasynda berilýän terbiýäniň özenini düzyär. «Halkyn Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň eşretli durmuşynyň kepilidir. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasaty alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beyik işleri rowaçlyklara beslensin.
Meýlis NURYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy