Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri. Bu döwür halkymyzyň ykbalynyň täze sahypalaryny ýazmak bilen, ähli ugurlarda asyrlara barabar ösüşleriň amal ediljek zamanasy. Şol ösüş-özgerişleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bolsa Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylan işler, durmuşa ornaşdyrylan täzeçillikler badalga bolup durýar. Şunda iň esasy orunlaryň biri ylym-bilime degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş we körpe nesilleriň ýagty geljegi, zamanabap milli terbiýe almagy üçin düýpli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda orta mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin dürli okuw kitaplary, okuw gollanmalary, görkezme esbaplary yzygiderli çap edilýär. Bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek ugrunda ýadawsyz tagallalar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda her bir döwletiň ösüşi, halkara abraýy, ilkinji nobatda, şol ýurduň ýaşlaryna berilýän bilimiň hili we derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adamzadyň durmuş ýoluny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki taryhdan şu güne çenli durmuşymyzda gazanylýan ösüşleriň we ýetilýän sepgitleriň ählisiniň binýadynda kämil ylym-bilim durandyr. Gahryman Arkadagymyzyň:«Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar» diýip belleýär. Gülleýän Berkarar döwletimiz biz ylymly-bilimli, akylly-başly, edep-ekramly, medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent nesili ýetişdirýän adamlar terbiýe meselesinde, ilkinji nobatda maşgala daýanmalydyrys. Ýaşlar bolsa il-gününe guwanmalydyr, oňa hyzmat etmelidir. Maşgala biziň baş galamyz, il-gün bolsa howandarymyz bolmalydyr. Biz ýaşlary şol ruhda terbiýelemelidiris döwrap bilim bermelidiris. Ýaşlaryň döwrebap bilim alyp dürli pudaklarda zähmetsöýer hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Maksatmyrat SEÝİDOW
Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň müdiri, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy