Arkadagly Serdarymyz: «Ýaş nesli hakyky watançylyk we milletiň belent ruhy ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemek, ýaş türkmenistanlylaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmagy, aň paýhas kuwwatyny ösdürmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip nygtaýar. Şu jähetden, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Her bir raýatyň intellektual bilim derejesi ýokarlandyrylýar, ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, edep-terbiýeli, ussat hünärmen bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edilýär. Täze gurulýan okuw mekdepleriniň maddy tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda ylmyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagyna oňaýly şertleriň döredilmegi, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň girizilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli bilim ulgamynyň derejesiniň hem-de onuň hiliniň döwrebap ösüşini kesgitlemekde ileri tutulýan ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzda bu Konsepsiýany üstünlikli durmuşa geçirmek ylmyň, bilimiň ösen innowasiýa usulyna geçmek babatda ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Konsepsiýanyň esasy maksady Watanymyzyň innowasiýa ösüşine laýyklykda , röwşen geljegimiz bolan ýaş nesle döwrebap bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli bilimi elektron maglumatlar bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Elektron maglumatlar berilýän bilimiň hasda çuňňur özleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, täze bilim merkezlerini portallary döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynyň möhüm şerti bolup, milli ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagyna aýdyň ýollaryň açylýandygyny alamatlandyrýar.
Agajan BALTAÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby