Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär. Döwlet derejesinde nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Nesilleri mähir-söýgi bilen gurşap, durmuşda dogry ýola ugrukdyrmak arkaly, terbiýäniň möhüm görnüşlerini ulanmak, çagalaryň kalbyna nusgalyk edep kadalaryny guýmak hemişede möhüm bolup durýar. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde maşgalanyň, jemgyýetiň uly orny bar. Umumy milli orta bilim berýän, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleri hem terbiýäniň möhüm ojaklarydyr. Berkarar Diýarymyzda bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny giňden ulanmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, bilim ul- gamynyň işini dünýä tejribesiniň gazananlarynyň derejesinde kämilleşdirmek babatda gysga döwürde bitirilen beýik işler bu gün halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde özüniň oňyn netijelerini berýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işleriň ählisiniň düýp özenin-de, ilkinji nobatda, ýurdumyzda geljekde hem kuwwatly ösüşleri üpjün etmek üçin berk binýady emele getirmek, halkymyzyň eşretli we şöhratly geljegi, ylymly-bilimli, lebzihalal, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek meselesi esasy orunda durýar. Çünki bilim-ylym ynsanyň dünýägaraýşyny ösdürýär, kuwwatyny artdyrýar. Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler bir bitewülige öwrülip, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň yzygiderli ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Parahat ALAKULİÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby