Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli bilim ulgamy uly özgerişleri, ösüşleri başdan geçirýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işler Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, täze tapgyrlara çykarylýar. Geçen ýyllaryň dowamynda milli bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylandygy aýratyn bellenilip geçilmäge mynasypdyr. Häzirki zaman tehnologiki enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze we durky täzelenen mekdepler şu günki gün bilim bermek işine sanly bilimiň ornaşdyrylmagy üçin ajaýyp maddy-tehniki binýat bolup hyzmat etdi. Şuňa laýyklykda, okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna degişli üýtgetmeler girizilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda ep-esli işler edildi. Bilim bermek we bilim öwrenmek işinde sanly ulgamdan peýdalanmak bilim-terbiýeçilik işiniň has janly we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede guralmagyna mümkinçilik berýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak üçin döwletimiz tarapyndan bimöçber serişdeler goýberilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, bilimiň hilini halkara talaplara laýyk getirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny ýaş nesliň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekdedir. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly kabul edýän resminamalary düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän, ökde hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Biz ýaş nesliň mynasyp, döwrebap bilim almagy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize, mähriban Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk arzuw edýäris.
Arslan MUHAMMEDOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby