Dolandyryş ulgamynyň kompýuterleşdirilmegi maglumatlaryň elektron nusgalaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Sanly dolandyryş ulgamy şol döredilen elektron maglumatlary we resminamalary dolandyrmagyň iň häzirki zaman usulydyr. Sanly ulgam beýleki bir görnüşli maglumatlary däl-de, san maglumatlaryny tanaýar. Ol islendik görnüşde: hat, audio we wideo ýazgyly, garafiki we beýleki görnüşli şekilleri özünde saklaýan elektron faýllary internet, elektron poçta ulgamlary arkaly bellenilen salga ugradýar. Beýleki elektron salgylardan gelip gowşan sanly belgili maglumat faýllaryny kabul edip alýar. Şeýle hem sanly ulgamyň banklardaky pul serişdeleriniň we ammarlardaky emläkleriň öz ýerindeligine, hereketine gözegçilik etmäge berýän giň mümkinçilikleri bardyr. Sanly ulgam işgärlere, hünärmenlere, şeýlede ýönekeý raýatlara öýlerinden, iş orunlaryndan gitmezden, kompýuterler ýa-da sanly ykjam telefonlar arkaly dürli durmuş töleglerini amala aşyrmaga kömek edýär.
Aýnura ATAJANOWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby