Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ylym we bilim bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr

  • 03.11.2022
  • Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belleýär. Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Ýurdumyz bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Biziň döwletimiz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze taryhy tapgyry ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde, bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär
    Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


    Şyhmyrat AGAMYRADOW
    Ýagşygeldi 
    Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir