Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Täze tehnologiýalar durmuşymyzda

  • 28.10.2022
  • «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022­-nji ýylyň dowamynda senagat we önümçilik maksatly desgalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş­ ykdysady ösüşiniň aýdyň nyşany bolup durýan täze, döwrebap ýaşaýyş toplumla­ry açylyp ulanmaga berilýär. Akylly şäher konsepsiýasynda tekerli ýa­da relsli ýolagçy ulaglaryna ýolagçy­laryň ygtybarly münüp düşmekleri we garaşmaklary  üçin enjamlaşdyrylan in­teraktiw duralgalara «Akylly duralgalar» diýilýär. Interaktiw duralgalar intellek­tual maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly jemgyýetçilik ulaglarynyň ugur­ulary, gatnaw wagtlary, töleg mukdary ýaly maglumatlary sanly enjamlaryň üsti bilen göni ýagdaýda üpjün etmäge niýetlenendir.Gözi gowy görmeýän ýa­da gowy eşitmeýän adamlar üçin aw­tobus belgisini sesli duýdurýan ulgamlar işe girizilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherin­de täze gurulýan duralgalar diňe bir san­ly çözgütleri önümçilige ornaşdyrmaga şertleri döretmek bilen çäklenmän, eý­sem, binagärlik aýratynlyklary bilen hem tapawutlanýar. Bu aýratynlyk baý mil­li medeni mirasymyzy paýtagtymyzyň myhmanlaryna, galybersede, dünýä ta­natmaga şert döredýär. Elbetde, munuň özi diňe bir durmuş­-ykdysady görkezijile­ri aňlatman, eýsem, medeni ösüşleri hem äşgär edýär. Ýurdumyzyň ähli ilatynyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamaklary ugrun­da taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, mertebesiniň belent, il­ ýurt bähbitli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!


    Azat HANOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir