Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly ulgamda täze mümkinçilikler 

  • 27.10.2022
  • Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bellärliklidir. Sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerinde döwletiň wezipesi esasy üç ugra gönükdirilýär. Olaryň ilkinjisi kämil kanunçylyk ulgamyny döretmek, ikinjisi innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, üçünjisi häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryndan, innowasiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Şu ýerde «sanly hökümet» we «sanly döwlet» düşünjeleri barada gysgaça belläp geçsek, ýerlikli bolar. Çünki döwlet ýörite taýýarlanylan sanly portallar arkaly hyzmatlaryň dürli görnüşini raýatlara we adamlara hödürlemek bilen baglanyşykly işleriň guramaçylygyny ýokary derejede alyp barýan tarap hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly gurşawdaky hyzmatlaryň dürli görnüşiniň bir ýerde jemlenen köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek we bu ulgamyň işini döwrebap ýola goýmak möhüm wezipe bolup durýar. «Sanly döwlet» diýen düşünje döwlet bilen raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklary bilen bagly hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny aňladýar. «Sanly hökümet» düşünjesi bolsa elektron resminamalar ulgamyny öz içine alyp, ähli edara-kärhanalarda resmi hat alşyklary elektron gurşawda amala aşyrmagy nazarlaýar.
    Döredilýän mümkinçilikleriň çäginde elektron döwlet hyzmatlaryndan doly peýdalanmak üçin her bir raýat öz şahsy otagyna hasaba alynmak arkaly girip bilýär. Resmi hasaba alnan ulanyjy döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri töläp bilýär.


    Täzebaý ÝOWJANOW
    Ýagşygeldi 
    Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir