Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Asylly ýörelgeleriň beýany

  • 24.10.2022
  • Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp eserinde nesilleriň ylymly, sowatly, medeniýetli bolup ýetişmegine aýratyn üns berilýär. Milli däp-dessurlar, köp çagalylyk, watançylyk, harby gahrymançylyk baradaky gürrüňler eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Köp çagaly maşgalada agalarynyň eşiklerini inilerine, gyz doganlarynyň lybaslaryny kiçi uýalaryna geýdirmek hem ýörgünli. Şeýtmek bilen, parasatly türkmen halky perzentlerinde pespälligi, kicigöwünliligi, özara sylag-hormaty terbiýeläpdir. Kiçiler uly doganlarynyň eşiklerini geýip, olara meňzemäge, batyr, zähmetsöýer, erjel bolmaga çalşypdyrlar» diýip, Gahryman Arkadagymyz kitabynda halkymyzyň sadalyga, pespällige ýugrulan milli dessurlaryny ýürege ýakyn pursatlar, jaýdar jümleler bilen beýan edýär. Şeýle ýörelgeler, dogrudanam, maşgalada çagalaryň özara agzybirligini pugtalandyrýar. Doganlaryň ýüreginde biri-birine bolan söýgi, hormat döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň bütin ömrüniň dowamynda ýolbaşçy düzümlerde işläp, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda aladalar etmegi, uly işleri amala aşyrmagy ildeşlerimiziň kalbynda egsilmejek ynam döretdi. Ýurdumyzyň Baştutany bolup işlän 15 ýylynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz halkyň asuda, bagtyýar, rahat ýaşamagy üçin ençeme maksatnamalary amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary ýaşlaryň durmuşynda hem düýpli oňyn özgerişleri emele getirdi. Biziň her birimiz Aşgabada gezelenje çykýarys. Şaýollardaky bökdençsiz gatnap duran awtobuslar, gadymy ak öýlerimize çalymdaş duralgalar eşretden nyşan. Arassa seýilgähler, sport we dynç alyş merkezleri raýatlaryň hyzmatynda. Şaýollaryň çatrygyndaky heýkeller paýtagtymyza görk berýär. Olaryň arasynda türkmen alabaýynyň heýkelini aýratyn belläsim gelýär. Alabaý itlerimiz halkymyzyň wepaly ýoldaşy, daşynyň goragy hasaplanýar. Ol biziň milli gymmatlyklarymyzyň biri. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda belleýşi ýaly, halkymyzyň däp-dessurlary, ýörelgesi — halkymyzyň bahasyz milli gymmatlygy. Milli gymmatlyk bolsa, goralmaga, öwrenilmäge, dowam etdirilmäge, ösdürilmäge degişlidir.


    Gaýypnazar BALLYÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir